ÝERIÑ 12 KM AŞAGYNDA NÄME BAR ?.

Admin: ÖWEZGELDIÝEW SERDAR
-BU ÝAZGYNY 25 ÝAŞDAN GEÇENLER OKASYN. BU ÝAZGY SIZIÑ PIKIR DÜŞÜNJÄÑIZE ERBET TÄSIR EDIP BILER. 
YERIÑ 12 KM AŞAGYNDAKY ÝER
Russiýanyñ "ŞANTIÝA" ady bilen tanalýan bu ýerde aslynda adamlar ýaşaýardy. Soñra bu ýeriñ ýaşamak üçin howplydygy, bu ýerden ençeme näbelli sesleriñ gelýändigi sebäpli ýaşaýjylar bu ýeri terk etmeli bolupdyr. Bu uly ýeriñ terk edilmegine näme sebäp boldyka? 1992 nji ýylda rus işçileri we medeniýet işgärleri bu ýerde bir gizli uly barlag geçirýärler. Bu barlagda ŞANTIÝAÑ 20 metr añyrsyndaky ýeri uly Dinamitler bilen ýarýarlar. Bularyñ sebäbi ruslar ýeriñ düýbüne barmak, belli bir ýeriñ düýbünde uly açyş etmek       
ýeriñ düýbüni barlamak maksady bilen geçirilipdir. Köp ýer gazyjy enjamlaryñ kömegi bilen ýeriñ belli bir bölegine barypdyrlar. Emma ýeriñ 12 km 226 metr düýbüne baranlarynda rus işgärleri haýran galyjy ynanmazlyk bilen garşylaşdy. 12 km 226 metr ýere baranlarynda ýer gazyjy, ses alyjy we ençeme gerekli aparatlar işlemegini bes etdi. Bu bir haýran galaýmaly zatdyr. Ýöne mundan beter zatlar bilen garşylaşaryn öýdüp ruslar pikirem etmändi. 12 km düşenlerinde ruslar gyzgynlygyñ 100 derejede bolmagyna garaşypdylar. Ýöne termometrleriñ bir wagtda 180 derejäni tigirlemegi, ruslary gaty haýrana goýdy.Munuñ bolmasy mümkin däldi. Sebäbi bu köp enjamlaryñ kömegi bilen öñünden barlanyp, gyzgynlygyñ 100 derejede bolmagam aýdylyp goýulypdyr. Gyzgynlygyñ garaşylmagyndan 2 esse uly bolmagy, ýagny uly bir wulkan otlarynyñ üýşen ýerindemikäk, diýen soraglary akyla getirdi. Elhenç ýeri hem bu ýerlere düşürilen enjamlaryñ öz özünden döwülmegidir. Soñky işleriñ dowamyndaky uly işgär organlary, el sagatlarynyñ hem işlemegini bes edendigini aýtýarlar. Munyñ bilenem gutarmady. Gözlege getirilen itleriñ hem elhenç sesler bilen üýrmegi, barlag gapylary açylanda bolsa itleriñ durman gaçmagy geñ zatdyr. O döwürde 180 dereje gyzgynlyga garşy işleýän enjam tapmak gaty kyndy. Şo sebäpli 12 km ýeriñ düýbünde garşylaşan zatlarynyñ nämedigini bilmek asla mümkin däldi. Ýöne şondada ýeriñ belli bir ýerindäki gorag enjamlary, ses diñleýji aparatlar işlemegini dowam edýärdi. Bu gizlin zadyñ çözülmegi üçin rus işgärleri ýeriñ düýbüne bir ses ýazyjy enjam goýberýärler. Emma enajymyñ göýberilmeginden 1 gün öñ ruslar ýene bir haýran galyjylyk bilen garşylaşdylar. Gyzgynlyk tas 1200 derejä barypdy. 1200 dereje. Ynanylmaz gyzgynlyk. Enjamy ýerden çykaranlarynda bolsa bilim adamlaryna gaty uly haýranlyk garaşýardy. Hemme adamlar birden näme duşuşandygyny bilmediler. Ýazylan seslerde adamlaryñ azap çekýän sesleri, erkekleriñ we aýallaryñ aýylganç gygyrýan sesleri, hatda bir güýçli adam olara  erbet ses bilen höküm edip, gygyrýan ýalydy. "Ýeriñ düýbi" ady berilen bu ýerdäki ýazylan ses ýazgylary ýyllar soñra, sowet döwri çöken soñ açyldy. Ine, ol azap çeken adamlaryñ sesi ( Sesi diñlemek üçin aşaky kamentarýada badyr ) Gizlinlik munyñ bilenem galanok. Bilim işgärleriniñ ulusy DMITRIÝ AZAKOW bu ýere çydap biljek iñ uly, intek köp ýerde ulanylmadyk kamerany goýberýär. Bu kamerany köp adam synlan däldir. Käbir bilim işgärleri synlandyr. Bu kamerany synlan adamlaryñ gürrüñ bermegine görä gören zatlary, tüýleriñi tiken tiken edýär. Olar seretmesi kyn, gorkunçlygy dil bilen aýdar ýaly däl jyn sypatly zatlary, käbir yşyklaryñ ýeriñ düýbünde süýnmegi diýip gürrüñ berýärler. Muña köp kişi ynanan däldir. Ýöne adamlary haýrandan ýaña doñduran zat bolsa, kamerany synlap bolandañ soñra 2 adamyñ akylyny ýitirip däldiremegidir. Kamera ýeriñ derli düýbüne düşmänkä döwülýär. Belki döwülmedik bolsa nämeler bilen garşylaşardylar? Bu zatlar rus döwlet ministirlerine duýdurlanda bolsa, işiñ bes edilmegini, we o ŞANTIÝAÑ derrew terk edilmegini aýtýarlar. Bu merkez bir günüñ içinde terk edilýär. Indi bolsa gepiñ gorkunç ýerine geleliñ. Ýeriñ düýbündäki elhenç sesler näme bolup bilerkä? Köp barlagçylar bu sesleriñ jähennemden gelendigini, Jähennemdäki adamlaryñ sesidigini aýtýarlar. Ýöne muña Jähhennemiñ intek boş boldugy jogabyny berdiler. Başga älemde, ýagny o dünýäde wagt ýokdyr. Wagt diñe şu dünýäde geçerlidir. Wagtyñ ýokdygyna garasak, Jähennemiñ bu wagt doly bolmagy gerek. Pygamberimiz hem Jähennemi hemde Jenneti görendir. Köp barlagçylar bolsa bu ýer şarynyñ düýbündäki WWPA sesleri bolmagy diýip aýtýarlar. Ýöne WWPA sesleri gysylma, yşygyñ sesleri bolmagy gerekdi. A başga barlagçylaryñ aýtmagyna görä bolsa,  jynly barlykly ýere ýetendikleri, we sesleriñ jynlara degişlidigini aýtýanlaram bar. Ýene bir geñlik bolsa şo döwürde işlän bilim organ adamlarynyñ we başga işgärleriñ bu wagt şo zatlar barada hiç zat bilmeýänligidir. Hatda olar şo zatlary kellesinden biri pozan ýaly diýip düşündirýärler. Elbetde gazma işinden soñra dogtorlaryñ bolandygy we ol ýeri taşlamaly diýlende, adamlary, bilim işgärlerini labaratoriýa barlag edendikleriniñ sebäbini bolsa intek hiç kim bilenok. Amerikan bilim adamy SERHAN SERHAN bir jeneýat işledi. Ol özüniñ hiç zat ýadyna düşmeýändigini, ýeke bilýän zady bir aýala seredendigini aýtýar. Aýtmaklaryna görä onda ol ýerde erbet jyna meñzeş aýallaryñ ýaşaýandygyny, ýa-da intek adam oglunyñ bilmeýän ýaşaýyşyñ bardygydyr. Başgalaryñ aýtmagyna garanyñda ol ýerde "ÄJIT MÄJIT" diñ mekanlarynyñ bardygydyr. Kuranda bolsa ÄJIT MÄJIDIÑ ýere bir ýylan şekilde basylandygy hem bilinýär. Belkide rus işgärleri şu ýüzden bu ýeri terk edendir. Işiñ elhenç ýeri bolsa 2000 nji ýylda çykarylan döwlet karary tarapyndan ýenede bir gezek barlag edilýär. Ýöne köp wagt geçmänka ýenede terk edilýär. Indi bolsa "Ýeriñ düýbi" diýip atlandyrylýan ol ýere jynlaryñ ýada jähennemiñ sesi sebäpli ýaşaýjylardan gelip barlag etmegine sebäp bolýar. Size bir zat aýdaýyn, bu ýer taşlananda ýarylyp gazylan 12 km 226 metr deşigiñ üsti ýapylandyr. Poslap, ýykyljak bolup duran iş etažynyñ bolsa içinden intägem her dürli zynjyrlaryñ sesleri, adamlaryñ işläp ýören sesleri gelýär. Käşgä bu sesler intägem şo ýeriñ gazylyp, iş dowam edip oturan ýalydygyny aklyña getirýär. Mundan başgada bu ýerde her dürli jynlaryñ, eýeleriñ, ruhlaryñ seslerini hem eşitmek bolar. Käşgä ol ýerde ruhlar mekan tutup, olary rahatsyz edenlerinde bolsa olar her dürli sesler, hereketler bilen adamy gorkuzyp, gaçyrjak bolýan ýalydyr. Bir zady berk belläñ ! Dünýäde hiç bir adam hem bu ýerde bir gijede geçirip bilmez. Belki 25 ýyl garaşylyp gelýän bu ýagdaýy, biziñ kellämizdäki dörän pikirleriñ jogabyny, ruslar tapyp, bize duýdurup biler. Ýöne bu entägem näbelli, gorkunç syr bolup gelýär.
      
          Admin: ÖWEZGELDIÝEW SERDAR

Yorumlar